ÝAPON DILI DERSI BOÝUNÇA OLIMPIADA-2025

2025-05-10 | 521
ÝAPON DILI DERSI BOÝUNÇA OLIMPIADA-2025

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “GOŞMAÇA WE ÜZNÜKSIZ BILIM” okuw bölümi tarapyndan ÝAPON DILI BOÝUNÇA OLIMPIADA geçirilýär!

Bäsleşigiň maksady:

– ýaşlary ýapon dilini öwrenmäge höweslendirmek

– aýratyn zehinli öwrenijileri ýüze çykarmak

– ýapon medeniýetine bolan gyzyklanmany artdyrmak

Geçiriljek wagty: 2025-nji ýylyň 20-22-nji maýy aralygy

Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Goşmaça we üznüksiz bilim” okuw bölümi

Tapgyrlary:

1. Test synagy (grammatika, söz baýlygy, kanji, diňlemek)

2. Gürrüňdeşlik (sorag-jogap, döredijilikli pikirlenme)

Olimpiadanyň ýeňijileri degişli Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanar.

Olimpiadanyň düzgünnamasy barada dolulygyna aşakda berkidilen PDF faýly arkaly tanyşyp bilersiňiz.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzany aşakdaky görkezilen salgy boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 17-sine çenli tabşyrmaly:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSe2K5UzIWE2Sg6mcnLTDHNxogO2WkUnTF3OJAtvIOrdfUZfdg/viewform?usp=dialog

Habarlaşmak üçin:

+99362067058

sahraakmyradova81@gmail.com