Duşuşyk geçirildi

2025-05-07 | 389
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň maý aýynyň 7-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň geçirmeginde 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy, uruş weterany, pensioner Aýdogdy Amadyýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda institutyň jemgyýetçilik guramalary Ýeňiş güni mynasybetli Aýdogdy aga ýadygärlik sowgatlaryny we ter gül desselerini gowşurdylar, soňra bolsa uruş weterany bilen söhbetdeşlik geçirildi we institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty