Dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň maý aýynyň 7-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasyna bolan resmi sapary mynasybetli aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Fransiýa Respublikasynyň taryhy, geografik ýerleşişi, Türkmenistan – Fransiýa ykdysady forumy, şeýle hem şol forumda Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlary we ikitaraplaýyn gol çekilen resminamalar dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlar diňlenildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.