Internet bäsleşigi geçirildi
2025-nji ýylyň maý aýynyň 7-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň guramagynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelere laýyklykda talyp ýaşlaryň bilimlerini, başarnyklaryny, ukyplaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 4-nji fewralynda tassyklanan “Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 2025-nji ýyl üçin Meýilnamasyndan” ugur alyp, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 19-na №10/3496 belgili haty esasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli ýurdumyzyň tehniki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Hünäri boýunça rus dili” dersi boýunça “Rus dili – ylmy-tеhnikаnуň we dostlugyň dili” atly internet bäsleşigi Düzgünnama laýyklykda talabalaýyk geçirildi. Geçirilen internet bäsleşigi talyp ýaşlaryň sanly tehnologiýalardan talabalaýyk peýdalanyp bilmeklerine, dil başarnyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berdi.