Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda marafon ýaryşy geçirildi

2025-05-07 | 347
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda marafon ýaryşy geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji maýynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda “Sport – parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewi” atly sport marafony geçirildi. Sport – sagdynlyk çäresine gatnaşyjylar 3600 metr aralyga ylgamakda ezberligini, çydamlylygyny görkezdiler. Bu ýaryşa 550-den gowrak adam işjeň gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunda “Arkadag” binasyna eltýän Bagtyýarlyk köçesiniň ugrunda marafona badalga berilmegi mynasybetli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde köpçülikleýin medeni-sport, görkezme çykyşlaryna giň orun berildi.

Marafon ýaryşyň netijeleri boýunça talyp oglanlaryň arasynda 9 minut 22 sekunt wagt bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Babanyýazow Pena, talyp gyzlaryň arasynda bolsa 14 minut 33 sekunt wagt bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Esedowa Enejan ýeňiji bolmagy başardylar.

Ýaryşyň ýeňijilerine Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Talyplar sport klubynyň başlygy Watan Ataýew