Taryhy üstünlik

2025-05-07 | 192
Taryhy üstünlik

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Bitarap Türkmenistan dünýäde abadançylygyň hem-de dost-doganlygyň rowaçlanmagy ugrunda asylly işleri amala aşyrýar. Şunda sport diplomatiýasyna hem möhüm orun degişlidir. Şanly ýylymyzyň 24-nji apreli we 4-nji maýy aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň sport toplumynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýurdumyzyň erkekler klub toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň kubogy geçirildi.

Bu ýaryşa jemi 8 topar gatnaşdy, olar: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi”, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň “Migrasiýa”, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň “Gala”, Türkmen döwlet binagär-gurluşyk institutynyň “Binagär”, Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň “Milli goşun”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Galkynyş”, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Ýüpek ýoly” , “ Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Talyp sport” toparlary gatnaşdylar.

Ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary üstünlikli çykyş edip ilkinji gezek Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy başardy. 2-nji we 3-nji orunlary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň “Migrasiýa” we Türkmen döwlet binagär-gurluşyk institutynyň “Binagär” toparlary eýelediler.

Döwletimiz tarapyndan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sportda gazanylan ýokary netijeleri has-da ösdürmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bize döwrebap şertlerde işlemäge, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen sportunyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Talyplar sport klubynyň başlygy Watan Ataýew