Ylmy-amaly maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň maý aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli “Watan goragy mukaddesdir” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahat öz işini esasy mejlisde we 5 bölümçede dowmat etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 140-dan gowurak ylmy çykyşlary diňlenildi. Soňra bolsa institutyň Kuwwat aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahata gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty