Hyzmatdaşlygyň durnukly ugurlary
Çalt üýtgeýän dünýä tertibiniň şertlerinde ýurdumyzyň daşary syýasat gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilen ugurlar boýunça ägirt uly işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu ugur hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýörelgelerine esaslanýar. Halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy sebitleýin we ählumumy durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk mehanizmlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi özara hormat goýmak, deňhukuklylyk we taraplaryň bähbitlerini hasaba almak ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň ýene-de biri – Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraply, özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Türkmenistan bilen Ýewropa ýurtlarynyň arasynda syýasy gepleşikleriň, hökümetara maslahatlaryň, işewürlik forumlarynyň hem-de ykdysady we ynsanperwer ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň geçirilmegi bilen bu gatnaşyklaryň işjeňleşýändigi göz öňünde tutulýar.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bilim maksatnamalaryna gatnaşmak, akademiki alyş-çalyş we medeni gatnaşyklary ösdürmek halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň berkemegine ýardam berýär. 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Samarkand şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydygyna ünsi çekip, Ýewropa Bileleşiginiň köp ýyllardan bäri Merkezi Aziýa sebitinde durmuşa geçirýän bilim taslamalarynyň we maksatnamalarynyň netijelidigini minnetdarlyk bilen belledi.
Erasmus+ maksatnamasynyň Halkara akademiki alyş-çalyş taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ugurlarynda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň wekilleri aprel aýynyň soňky ongünlüginde iş sapary bilen Bolgariýa Respublikasynyň Ruse şäherine boldular.
Saparyň maksady — 2021–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde akademiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, bilim ulgamynda, okuwlaryň gurnalyşy boýunça tejribe alyş-çalyşy, bilelikdäki bilim we ylmy çärelerde gatnaşmak, şeýle hem ýokary bilimiň halkara derejesinde ösdürilmegi kontekstinde bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň berkemegi bolup durýar.
Saparyň esasy çäreleriniň biri Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Bilimiň sanlylaşdyrylmagy – meseleler we çözgütler» atly Üçünji halkara ylmy-amaly konferensiýasynyň işine gatnaşmagy boldy. Bu ýerde bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýokary bilimiň sanlylaşdyrylmagyndaky wezipeler we geljekki mümkinçilikler bilen baglanyşykly derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Konferensiýanyň başlanmagyndan bir gün öň onuň gatnaşyjylary halkara hyzmatdaşlygyň geljegi boýunça geçirilen “tegelek stol” maslahatyna gatnaşdylar. Bu ýerde Bolgariýanyň iň iri ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda prorektor Galina Iwanowa uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirip, uniwersitetiň Erasmus+ maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanan tejribesi barada gürrüň berdi. Şeýle hem, ol Erasmus+ maksatnamasynyň Halkara akademiki alyş-çalyş taslamasynyň (ICM) çäklerinde talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalyşyny giňeltmek mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini ugur edinýändigini mälim etdi.
Esasy ara alyp maslahatlaşmalar bolsa forumyň özünde geçirildi. Onuň çäklerinde durnukly ösüş ýörelgeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy boýunça häzirki zaman tejribeler we gazanylan üstünlikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Uniwersitetleriň we ylmy merkezleriň wekilleriniň arasynda hünär tejribe alyş-çalyşy boldy.
Konferensiýanyň dowamynda gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Durnukly ösüş we bilim ulgamynda sanly özgertmeler meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly konferensiýada Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Diller kafedrasynyň müdiri Gadam Akmyradow «Durnukly sanly geljegiň üpjün edilmeginde “ýaşyl” özgertmeleriň ähmiýeti» atly tema bilen çykyş etdi. Ol öz çykyşynda sanly ykdysadyýete geçmekde ýaş nesliň ekologiýa taýdan ugurlaşdyrylan pikirlenmesini kemala getirmegiň ähmiýetini belledi. Ol “ýaşyl” özgertmeleriň ähli bilim maksatnamalarynda — ynsanperwer ugurlarda, tehniki hünärlerde we inženerçilik ugurlarda eýeleýän orny barada gürrüň berdi. Çykyşda aýratyn üns ekologik temalaryň dil öwredilişine integrirlenmegine gönükdirildi.
Halkara forumynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «IT-Nurly şöhle» ylmy-okuw merkeziniň direktory Göwher Begmyradowa mazmunly çykyş etdi. Onuň çykyşynyň temasy «Häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň döwlet gullukçylaryny hünär taýdan taýýarlamakdaky orny» diýlip atlandyryldy. Göwher Begmyradowa öz çykyşynda sanly tehnologiýalaryň çalt ösüşi we elektron döwlet dolandyryşyna geçiş şertlerinde, döwrebap tehnologiýanyň adamzadyň durmuşyna ornaşan gününden onuň wezipesi işçi güýjüni, wagty we serişdeleri tygşytlamakdaky artykmaçlyklary barada çykyş etdi.
Şeýle hem «IT-Nurly şöhle» ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işi barada hem gürrüň berdi. Bu merkez häzirki zaman okuw platformalaryny we tehnologiýalary okuw prosesine işjeň ornaşdyrýar, interaktiw we uzak aralykda okatmak görnüşlerini ulanyp, okuw modullaryny taýýarlaýar.
Forumyň dowamynda giň pikir alyşmalar boldy. Oňa gatnaşanlar döwlet dolandyryş ulgamynyň sanly özgertmeleri boýunça iň gowy tejribeleri hem-de döwlet edaralarynyň işgärleriniň arasynda sanly medeniýeti döretmegiň çemeleşmelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu iş sapary ylym we bilim ulgamlarynda halkara gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Taraplar akademiki hereketliligi giňeltmegiň mümkinçiliklerini, bilelikdäki ylmy gözlegleri, tejribe we bilim usullary alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hyzmatdaşlyk ylym-bilim babatda täze mümkinçilikleriň döremegine ýardam berýär hem-de geljekki bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady döredýär.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Şeýle hem okaň: Turkmenportal