Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň maý aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi we Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde gurnamaklarynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, “Watan gerçekleri unudylmaýar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Mary welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy dogrusynda giňişleýin gürrüňler berdiler. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän ähli mümkinçilikler üçin çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty