Taryhy ýadygärliklere gezelenç gurnaldy

2025-05-03 | 523
Taryhy ýadygärliklere gezelenç gurnaldy

2025-nji ýylyň maý aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň gurnamagynda ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyny, milli medeniýetimizi öwrenmek, ýaşlara türkmen medeniýetiniň ajaýyplygyny, çuňňur mazmunyny düşündirmek we Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasyndaky ýadygärlikler toplumy bilen tanyşdyrmak maksatly gezelenç gurnaldy.

Gezelenjiň dowamynda institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda “Taryhy-medeni ýadygärlikleri we milli gymmatlyklary öwrenmekde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen medeniýeti” atly kitabynyň ähmiýeti” atly söhbetdeşlikler geçirildi. Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredilýän ähli mümkinçilikler üçin çäksiz alkyşlar aýtdylar.