Dohada «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
27 — 30-njy aprel aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedowyň hem-de Türkmenisytanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedowyň Katar Döwletine iş sapary amala aşyryldy.
28-nji aprelde Bilim şäherçesinde ýerleşýän Hamad bin Halifa uniwersitetinde Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasynyň uniwersitet bilen bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Halkara ylmy maslahatyň esasy maksady türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yglan edilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara gatnaşyklaryndaky täze filosofiýanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara giňişliginde öňe sürýän başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişini we Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk söýüjilik garaýyşlary bilen döwürleriň, nesilleriň arasyndaky aýrylmaz arabaglanşygy açyp görkezmekden ybarat boldy. Onuň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Katar uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, saparyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýeti bilen Hamad bin Halifa we Katar uniwersitetleriniň hem-de Kataryň Milli kitaphanasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda ylym, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de gadymy golýazmalary bilelikde öwrenmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektorynyň Katar uniwersitetiniň rektory bilen geçirilen duşuşygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitet bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary barada özara pikir alyşmalar boldy.
«Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri» atly halkara ylmy maslahatyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi beýik akyldar şahyryň döredijiliginiň hem-de ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
Şeýle hem okaň: Turkmenportal