Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekiliýeti Germaniýada iş saparynda boldy

2025-05-01 | 506
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekiliýeti Germaniýada iş saparynda boldy

Berkarar döwletiň täze eýýamyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinden 3-nji maýyna çenli Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekillerinden ybarat topar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Günbatar Sakson welaýatynyň Zwikau şäherindäki Amaly Ylymlar Uniwersitetine iş saparyny amala aşyrdy.

Zwikau Amaly Ylymlar Uniwersiteti (WHZ) Germaniýada inženerçilik, awtomobil senagaty, sanly tehnologiýalar we durnukly ösüş ugurlary boýunça tanalýan ýokary okuw mekdebidir. Uniwersitet Volkswagen Sachsen ýaly iri senagat kärhanalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, şeýle hem talyplar üçin amaly ugurly bilim bermekde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Mundan başga-da, uniwersitetiň düzüminde Robert Schumann Konserwatoriýasy hereket edýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşdylar. Duşuşykda taraplar ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çykyşlaryny geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra taraplar bilelikde surata düşdüler.

Şeýle hem uniwersitetiň ýörite çakylygynyň esasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly çykyş guraldy. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Kakabaý Hojanepesow çykyş edip, BMG tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasat hakynda giňişleýin maglumat berdi.

Saparyň çäklerinde uniwersitetiň häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen ylmy barlaghanalary bilen hem tanyşlyk guraldy. Bu sapar iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berdi.