Guwandyryjy ýeňiş
Hormatly Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň sport ulgamy uly ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy şol tagallalaryň netijesidir.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 26-27-nji apreli aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň La Nusiýa şäherinde geçirilen sportuň erkin göreşi görnüşi boýunça Gran-Pri Halkara ýaryşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hojalyýew Orazmuhammet 97 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip, I orna mynasyp boldy.
Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti