Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň sportda nobatdaky üstünligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport ulgamyny ösdürmek, ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de giň dünýägaraýyşly nesiller hökmünde terbiýelemek ugrundaky giň gerimli işler üstünlikli dowam etdirilýär.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” 2025-nji ýylyň 09-13-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Şol ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň Nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallyýew Ybraýym 80 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip II orna mynasyp bolmagy başardy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti