Ýaş žurnalistleriň halypalar bilen döredijilik duşuşygy

2025-04-29 | 352
Ýaş žurnalistleriň halypalar bilen döredijilik duşuşygy

Watanyň gazanýan üstünlikerini we ösüşlerini şöhlelendirmek-de ýaşlara görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk aladasy bilen ylymly-bilimli, maksada okgunly, ugurtapyjy we tehnologiýalardan oňyn baş çykarýan ýaşlary kemala getirmekde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda iri göwrümli işler amala aşyrylýar. Elbet-de, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ýeri gelende aýdylanda, birnäçe wezipeleri talap edýär. Öz saýlap alan hünärleriniň içgin öwrenip, amal edip, ilhalar ýaşlar bolup ýetişmeklerinde bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri giň şertleri döredýär. Ajaýyp mümkinçilikleriň hözürini görmek bagtyndan paýly Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar bu gün özleriniň saýlap alan hünärlerini kämilleşdirmekde birnäçe işleri amal edýärler. Galyberse-de, Žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek we tejribelerini ösdürmek bähbitli ylym-bilim ojagymyz bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetimizde yzygiderli geçirilýän bäsleşikleridir ylmy-maslahatlar, halypalar bilen döredijilik duşuşyklar aýdyň subutnama bolup durýar.

Şol nukdaýnazardan, 29-njy aprelda   Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabyna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirilip, oňa ýurdumyzyň “Watan” we “Çar tarapdan” radioýaýlymlaryndan halypalary we baýry ýokary okuw mekdepleriň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň mugallymy myhmançylykda boldular. Bu döredijilik duşuşugyna ýokary okuw mekdebimiziň ähli Žurnalistika hünärinde bilim alýan talyp ýaşlar we mugallymlary gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynda myhmanlar kitabyň aýratynlygy, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden söz açyp, birnäçe ajaýyp şygyrlaryny okap talyp ýaşlarda täsir galdyrdylar. Munuň bilen çäklenmän, myhmanlar özleriniň durmuş tejribelerini hem paýlaşyp, talyp ýaşlara degerli maslahatlaryny berdiler. Bilesigeliji talyplaryň sowallary bolsa duşuşygyň gyzgalaňly dowam etmegine täsir etdi.

Şeýle hem, öz saýlap alan ugruňda bilim we tejribe goruňy artdyrmakda bäsleşiklerdir, döredijilik duşuşyklaryň we ylmy-amaly maslahatlaryň aýratyn ähmiýeti bar. Ynsançylyk ukyplary artdyrmakdan başlap sözleýiş sungaty we parahatçylyk söýüjilik häsiýetleri jemlemäge hem ýardam berýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti