Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 23-ne geçirilen “Gahryman hem mähriban Maýa ejemiz” atly Türkmenistanyň Gahryman Maýa Kulyýewanyň doglan güniniň 105 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi we bu çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

2025-04-26 | 260

Çäräniň dowamynda aň-bilim we sazly oýun-bäsleşigi gurnaldy. Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň adyny göterýän Türkmen milli konserwatoriýanyň mugallymlary, talyp ýaşlary we halypanyň şägirtleri, Maýa ejemiziň halypalyk etmeginde goýulan opera sahnasynyň ussat režissýorlary täsirli çykyşlary etdiler. Çärä Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredijilik bilen meşgullanýan mugallymlary hem-de talyp ýaşlary şeýle, hem Türkmenistanyň Energetika Ministrliginiň Aşgabat energetik orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyplary işjeň gatnaşdylar.

Türkmen operasy diýlendi Maýa Kulyýewa, Maýa Kulyýewa diýlende türkmen operasy göz öňüne gelýär. Maýa Kulyýewa sözüň doly manysynda türkmen sungaty üçin ägirt uly hyzmatlary bitiren we zähmetiniň rehnetini gören ynsandyr.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti