Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

2025-04-26 | 187
Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk dowam edýär. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we gerimini giňeltmek maksady bilen ýakynda hyzmatdaş kompaniýanyň we iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama baglaşylyp özara hyzmatdaşlygy ýene 5 ýyl möhlete uzaldyldy.

Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde biziň uniwersitetimiziň talyplary we ýaş mugallymlary her ýyl tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçip öz hünär derjelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professor-mugallymlary uniwersitetimiziň talyplary we ýaş mugallymlary üçin dürli temalar boýunça umumy okuw sapaklaryny gurnaýarlar. Aprel aýynyň 21-25 aralygynda Tehnologiýa uniwersitetiniň professory sanly ulgam arkaly Nebit we gaz fakultetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin “Nebit we gaz guýularyny ulanmagyň hem-de önüm almagyň tehnologiýalary” atly tema boýunça onlaýn okuw sapagyny geçirdi. Sapakda häzirki döwürde ulanylýan innowasion tehnologiýalar we täze usullar barada gyzykly maglumatlar berildi. Sapaklara gatnaşanlara Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite sertifikatlary gowşurylýar. Hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde 2025-nji ýylyň dowamynda Tehnologiýa uniwersitetiniň birnäçe professorlarynyň sanly ulgam arkaly şeýle hem uniwersitetimize gelip okuw sapaklaryny geçirmekleri meýilleşdirilen. Sapaklar nebitgaz pudagyna, nebitgaz pudagynyň ykdysadyýetine, sanly ulgamy ornaşdyrmak, himiýa we gaýtadan işlemek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak temalaryna degişli bolup, bu ugurda ulanylýan häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary we olary ornaşdyrmagyň usullary barada talyplara we ýaş mugallymlara sapak berilýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti