Ýatdan çykmajak gezelençler

2025-04-26 | 381
Ýatdan çykmajak gezelençler

2025-nji ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda guralan II halkara matematika olimpiadasynyň appelýasiýasy geçirilip, barlagyň netijeleri gaýtadan seljerildi. Myhmanlar üçin taýýarlanylan medeni maksatnamanyň çäklerinde appelýasiýa gatnaşmadyk mugallymlar hem-de okuwçylar paýtagtymyzdaky «Berkarar» hem-de «Gülzemin» söwda we dynç alyş merkezlerine gezelenç etdiler.

Mälim bolşy ýaly, işewürlik durmuşynyň merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrülen bu söwda we dynç alyş merkezleri Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar. Täsin binagärlik çözgütleri, arhitektura owadanlygy bilen tapawutlanýan bu merkezler daşary ýurtly myhmanlaryň hemişelik üns merkezindedir. Munuň şeýledigini şu gezekki halkara matematika olimpiadasyna gatnaşyjylar hem aýratyn nygtadylar.

Häzirki zaman söwda enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu merkezler daşary ýurtly myhmanlara ýokary hilli hyzmatlary hödürleýär. Şunda olimpiada gatnaşyjy okuwçylar bu ýerde guralan oýun meýdançalarynda, güýmenje zallarynda şatlyk-şowhuna beslenip, wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Şeýle hem myhmanlar uly gyzyklanma bildirip, türkmen milli lybaslaryny, ýurdumyzda öndürilen milli biçüwdäki önümleri, sowgatlyk harytlary satyn aldylar. Bu harytlar elýeterli bahasy, ekologik taýdan arassalygy babatda myhmanlaryň uly islegine eýe boldy.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.