Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp-göreşçileriň üstünligi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek asylly ýörelgä öwrüldi. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak hem-de olaryň iri sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerinden ruhlanýan ýaşlarymyz halkara ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.2025-nji ýylyň 22-25-nji apreli aralygynda geçirilen ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat şäherinde Türkmen milli göreşi hem-de Guşakly alyş göreşi boýunça GDA döwletleriniň arasynda geçirilen Halkara ýaryşda öňde baryjy ýerlere mynasyp boldular.
Bu ýeňişe Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary hem uly goşant goşandygyny aýratyn belläp geçmeli,
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Hojammaýew Begli sportuň milli göreş görnüşi boýunça 100 kg agram derejesinde üstünlikli çykyş edip II orna, Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Garagulow Umyt guşakly alyş göreşinde 60 kg agram derejesinde çykyş edip III orna hem-de Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Faýzullaýewa Aýnura guşakly alyş göreşi görnüşinde 65 kg agram derejesinde çykyş edip II orna mynasyp bolmagy başardylar.
Bu üstünlikler ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşmagy babatda edýän bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti