“Açyk gapylar” güni geçirildi

2025-04-25 | 290
“Açyk gapylar” güni geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Oňa Balkanabat şäheriniň orta mekdepleriniň okuwçylary, mugallymlary we ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler gatnaşdylar. «Açyk gapylar» gününiň çäklerinde, gelen myhmanlara uniwersitetde döredilen mümkinçilikler, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň ýokary okuw mekdebinde durmuşa geçirilişi barada uniwersitetiň halypa mugallymlary tarapyndan giňişleýin gürrüň berildi.   

Myhmanlar uniwersitetiň okuw otaglaryna aýlanyp okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary bilen tanyşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti