Medeni diplomatiýa arkaly ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy

2025-04-25 | 313
Medeni diplomatiýa arkaly ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özeninde ýaş nesliň bagtyýar geljegi göz öňüne tutulýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmek ugrunda ägirt uly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň subutnamasyny mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän halkara olimpiadalar hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Golaýda hem Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II Halkara matematika olimpiadasy hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmaklary üçin uly işler alnyp barylýar. Hut şol maksada laýyklykda ýurdumyzda mekdep okuwçylaryň, talyplaryň arasynda birnäçe halkara olimpiadalardyr ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle halkara olimpiadalaryň biri hökmünde hem Mekdep okuwçylaryň arasynda II Halkara matematika olimpiadasyny görkezmek bolar. Bu olimpiada 21-26-njy aprel aralygynda geçirilip, muňa ýurdumyzyň we dünýäniň birnäçe döwletleriniň zehinli okuwçylary gatnaşýar. Halkara olimpiada 23-nji aprelde daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylaryň arasynda şahsy bäsleşige badalga berlip, olimpiada gatnaşyjylar öz ukyp-başarnyklaryny görkezip dürli derejeli mysallary çözdüler.

24-nji aprelde olimpiada gatnaşýan mekdep okuwçylaryna we mugallym-topar ýolbaşçylaryna ýurdumyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Janly tebigatyň milli muzeýine gezelenç gurnaldy. Türkmenistanyň Janly tebigatyň milli muzeýinde myhmanlar haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri bilen içgin tanyş boldular. Ol ýerde ýurdumyzyň ýaş zehinli okuwçylary we daşary ýurtdan gelen myhmanlar täsirli wagt geçirdiler.

Günüň ikinji ýarymynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika hünariniň talyplary we “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň agzybir işgärleri bilen medeni meýilnama esasynda Mekdep okuwçylarynyň arasynda  II Halkara matematika olimpadasyna gatnaşýan okuwçylar we mugallym-topar ýolbaşçylary “Arkaç” we “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezlerine gezelenje gitdiler. Ol ýerde myhmanlar wagtlaryny örän sapaly geçirdiler. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýaş žurnalist talyplary olimpiada gatnaşýan okuwçylardyr mugallymlary bilen gyzykly söhbetdeşlik gurnap, joşgunly pursatlaryny buýsanç bilen beýan etdiler.

Bu medeni-dostlukly gezelençler türkmen halkynyň aýratynlyklaryna gözli şaýady bolmak bilen, daşary döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösmegine we milli ylym-bilimimiziň halkara derejesinde tanatmakda möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna aýdyň subutnamasydyr.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti