Döredijilik duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 22-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleri bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, «2025 ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy mynasybetli «Türkmenleriň dünýä dolan ykbaly, Bitarap Watanym Türkmenistanym» atly aýdym-sazlara dabaraly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşyga Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary şäher komitetleriniň wekilleri Mary welaýat Medeniýet we sungat işgärleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda medeniýet işgärleriniň döredijilik başlangyçlary barada, häzirki döwürde medeniýet we sungat işgärlerine döredilýän mümkinçilikler barada, özleriniň döredijilik işleri barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty