Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik” geçirildi
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine wepaly, giň dünýägaraýyşly, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek, ýaşlarda täze, döwrebap tehnologiýalaryna erk etmek endiklerini ösdürmek hem-de daşary ýurt tejribelerine gyzyklanmalaryny ýokarlandyrmak, Ýaşlaryň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda çykaran 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda “Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşik” geçirildi.
Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy boýunça bäsleşige (gara çyzygy yzarlamak) ýurdumyzyň orta mekdeplerinden, bilim merkezlerinden we ýokary okuw mekdeplerinden 52 topardan ybarat bolan mekdep okuwçylary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýaşlaryň arasynda robot tehnologiýasy (gara çyzygy yzarlamak) boýunça bäsleşigiň maksady ýaşlaryň kompýuter tehnologiýasyna erk etmek endiklerini ösdürmekden, sanly ulgam düşünjelerini kämilleşdirmekden, logiki pikir ýöretmek we döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakdan, olaryň daşary ýurt tejribelerini öwrenmegiň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň jemleri boýunça üstünlikli çykyş eden toparlardan 3-si ýeňiji diýlip yglan edildi we olara bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji orunly medallar,diplomlar we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti