Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi

2025-04-17 | 611
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna” laýyklykda hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýaş nesli kemala getirmek, talyplary ylma çekmek we zehinli ýaşlary ýüze çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ylym-bilim ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak we bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy geçirildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini we ýaşlarymyzyň innowasion tehnologiýalardan ynamly baş çykarýandygyny görkezýär.

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde uniwersitetiň baş binasynda III Halkara açyk informatika internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş dabarasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory    hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çykyş edip, olimpiada gatnaşýan talyplary we olaryň ýolbaşçy mugallymlaryny gutladylar we uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdiler. Açylyş dabarasyna professor-mugallymlar, talyplar bilen bir hatarda sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we olaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Halkara olimpiada 18 döwletden 52 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 555 talyp işjeň gatnaşdylar.

Olimpiada onlaýn görnüşinde daşary ýurtlardan, ýagny Germaniýa Federatiw Respublikasyndan, Rumyniýadan, Malaýziýadan, Gruziýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Türkiýe Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Azerbaýjan Respublikasyndan, Ermenistan Respublikasyndan, Tatarystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan jemi 256 sany talyp gatnaşdy.

Olimpiadada Gyrgyz Respublikasynyň I.Razzakow adyndaky Gyrgyz döwlet tehniki uniwersitetiniň, Ermenistan Respublikasynyň Ermenistanyň milli politehniki uniwersitetiniň, Russiýa Federasiýasynyň Samaranyň akademik S.P.Korolýew adyndaky milli barlag uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň talyplary aýratyn tapawutlanyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan ýörite işlenilip düzülen milli programma üpjünçiliginiň kömegi arkaly toplanan ballaryň jemi boýunça olimpiadanyň şahsy ýeňijileri kesgitlenildi. Ýeňiji diýlip yglan edilen talyplar we toparlaýyn bäsleşigiň ýeňijileri uniwersitetiň rektory tarapyndan 1-nji, 2-nji we 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglandylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti