Talyplarymyzyň üstünligi

2025-04-17 | 324
Talyplarymyzyň üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” ýurdumyzyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda sport ulgamyny ösdürmäge, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala gelmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda uly tutumly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň her bir künjeginde köpugurly sport toplumlarynyň gurulmagy, ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalaryndan aýdyň nyşandyr.

Diňe bir öz ýurdumyzyň çäginde halkara derejesinde sport ýaryşlarynyň geçirilmegi bilen çäklenmän, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan türgenleriň dünýä döwletlerinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşmaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlary hakyndaky atalyk aladalarynyň aýdyň miweleridir. Şeýle atalyk aladalara ýugrulup  Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasy tarapyndan ýurdumyzyň erkekler klub toparlarynyň arasynda 2024-2025-nji ýylyň “Ýokary liga” atly woleýbol çempionaty geçirildi.

IV aýlawdan ybarat bolan bu ýaryşa ýurdumyzyň 11 sany toparlary gatnaşdylar.

Olar :

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi”, Türkmen döwlet Migrasiýa gullugynyň “Migrasiýa”, Türkmenistanyň milli Howpsuzlyk ministrliginiň “Gala”, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagär”, Türkmenistanyň goranmak ministrliginiň “Milli goşun”, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Galkynyş”, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Talyp sport”, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguz han”, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň “Ýüpek ýoly”, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň “Serhetçi” we Bäherden etrabynyň “Bäherden”  toparlary.

Geçirilen ýaryşyň netijesi boýunça  Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary 59 utuk toplap, ilkinji gezek Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli çempionatynda bir gezek hem utuluşa sezewar bolman, bassyr iki ýyl yzygiderli ýurdumyzyň Çempiony diýen mynasyp ada eýe bolmagy başardy. II orna Türkmenistanyň milli Howpsuzlyk ministrliginiň “Gala” woleýbol topary we III orna Türkmen döwlet Migrasiýa gullugynyň “Migrasiýa” woleýbol topary mynasyp boldular.

Türkmenistanyň Milli woleýbol federasiýasynyň ýurdumyzyň woleýbol toparlarynyň arasynda geçirilen bu ýaryşda üstünlikli çykyş edip ýeňiji bolan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Nebitçi” woleýbol topary 2025-nji ýylyň iýul aýynda Aziýanyň “Çempionlar Ligasy” atly Halkara ýaryşynda ýurdumyzdan wekilçilik etmäge hukuk gazanmagy uniwersitetimizde okap bilim alýan talyplardan düzülen “Nebitçi” toparyna bildirilen uly ynamdyr.

Her bir ugurdaky yhlas siňdirilip amala aşyrylýan işleriň sakasynda durup, olara ruhy ganat berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Talyplar Sport klubynyň başlygy Ataýew Watan