Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Gyz gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri, institutyň zenan mugallymlary, işgärleri we talyp gyzlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» «Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakyndaky aladalaryndan gözbaş alýar» diýen ajaýyp jümlesinden ugur alyp, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini, hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini wagyz etmeklik boýunça birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty