Ylmy-amaly maslahaty geçirildi
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 15-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatsöýüjiligiň nyşany» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň bir agyzdan kabul edilmegi bilen bagly, Bitaraplyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, gaznylan üstünlikler dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty