ERASMUS+ taslamasynyň çäginde halkara hyzmatdaşlyk
Ýewropa Bileleşigiň Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde, Merkezi Aziýa döwletleri bilen sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen “Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak” (ESGCA) atly taslamasy boýunça, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar 2025-nji ýylyň 05-12-nji aprel aralygynda Slowakiýanyň Bratislawa şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu saparyň maksady ekologiýa, jemgyýetçilik we netijeli dolandyryş meselelerini öz içine alýan magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilim okuw maksatnamasyny işläp düzmek boýunça gysga möhletli okuwlara gatnaşmakdan ybarat boldy. Bratislawa şäherindäki Slowakiýanyň tehnologiýa uniwersiteti (Slovak University of Technology in Bratislava (STUBA)) bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaş ýokary okuw mekdebi hökmünde saýlanyldy. Bu gezekki okuw maslahaty “ESG-niň durnukly senagatda, ýokary bilim bermekde we suw resurslaryny dolandyrmakda amaly ulanylyşy” ady bilen geçirildi. Ýatladyp geçsek, 2021–2027-nji ýyllar üçin niýetlenen Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän ESGCA taslamasynyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ekologiýa we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim maksatnamalaryny kämilleşdirmäge ýardam etmekden ybarat bolup, sebitde ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmaga uly täsir edýär. Bu taslama gatnaşýan hyzmatdaşlar Italiýanyň, Rumyniýanyň, Slowakiýanyň öňdebaryjy uniwersitetleri hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleri bolup durýar. 2025-nji ýylyň mart aýynyň 22-23-nji mart aralygynda Rumyniýanyň Sibiu şäherinde ilkinji okuw maslahaty gurnalypdy. Saparyň çäklerinde ESGCA we durnukly ösüşiň esasy ugurlaryny öwrenmäge gönükdirilen umumy sapaklary, seminarlary, pikir alyşmalary hem-de amaly sapaklary öz içine alýan tasirli maksatnama guraldy. Okuw sapaklaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar okatmagyň öňdebaryjy usullary, okuw maksatnamalaryny taýýarlamagyň innowasion çemeleşmeleri hem-de ekologiýa we dolandyryş ugurlarynda häzirki zaman dünýä tendensiýalary bilen tanyşdylar. Mugallymlar ekologiýa, sosial dolandyryş we durnukly ösüş ugurlarynda kämil hünärmenleri taýýarlamakda zerur bolan amaly başarnyklar bilen nazaryýet bilimleriniň özara baglanyşygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Erasmus+ maksatnamasy tejribe alyşmak we Ýewropanyň uniwersitetleri hem-de bilim edaralary bilen özara halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, üçin ajaýyp platforma bolup durýar. Şeýle alyş-çalyş gatnaşyjylaryň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, bilim we ylym ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem goşant goşýar. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir gaеnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara gatnaşyklary berkitmäge, geljekde bilim we ylmy gözlegler boýunça bilelikdäki işleriň alnyp barylmagy üçin esas döretmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, taslamanyň çäklerinde geljekde duşuşyklaryň we täze okuw türgenleşikleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Bu yzygiderli tejribe alyşmaga we iň täze bilim usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berer. Şeýle hem bu başlangyç Merkezi Aziýa sebitindäki talyplar we mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri açyp, sebitde durnukly ösüşi berkitmäge ýardam eder. Saparyň çäklerinde, gatnaşyjylar üçin Slowakiýanyň Bratislawa şäherinde ýerleşýän “Slovnaft” nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gezelenç guraldy. “MOL Group” kompaniýasynyň bir bölegi bolup durýan bu zawod 1957-nji ýylda guruldy. Bu zawodlar toplumy “ýaşyl önümçilik” düşünjesini işjeň durmuşa geçirip, ekologiýa taýdan arassa materiallary ulanmagy, energiýa we suw tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalaryny ulanmagy has-da işjeňleşdirmegi, şeýle-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy maksat edinýär. Mugallymlar kärhananyň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaltmak strategiýalary bilen tanyşdylar. Bu maglumatlar ekologiýa we durnukly ösüş ugurlarynda geljekki hünärmenleri taýýarlamak bilen meşgullanýan bilim edaralary üçin uly ähmiýete eýedir. ESGCA taslamasy öz işini dowam etdirýär we Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary bilimiň ösmegine ýardam edýär.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty
Şeýle hem okaň: orient.tm