Türkmen-Ýapon hyzmatdaşlygynyň köpugurlylygy
2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyna esasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýa döwletiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk giň gerime eýe bolýar. Hyzmatdaşlygyň çäginde söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilip, taraplar häzirki wagtdaky taslamalar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar we amal edýärler.
Ynsanperwer pudagynyň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidigi bireýýämden bäri durmuşa geçirilýän tejribelerden mälimdir. Bu babatda bilim, ylym, medeni alyş-çalşygy, ýapon diliniň öwredilmegi ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy aýdyň subutnama bolup durýar. Ýapon dili ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde we orta mekdeplerinde döwlet derejesinde öwredilýär. Ýeri gelende bellesek, Tokio daşary ýurt dilleri uniwersiteti Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň iň ygtybarly we işjeň hyzmatdaşlarynyň biri hökmünde çykyş edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dowamynda mugallym we talyp alyş-çalyşy, wekiliýetleriň iş saparlary, şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlar we tegelek stollar gurnaldy. Gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde ýokary okuw mekdebinde dürli döwürlerde jemi 4 ýapon mugallymy uzak möhletleýin esasda zähmet çekip, talyplara bilim berdiler. 2016-njy ýylyň sentýabr aýynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Ýapon bilim we medeniýet merkezi (Global Japan Office) hereket edip başlady. Şol ýylda Ýaponiýanyň taryhynda ilkinji gezek Tokionyň daşary ýurt dilleri uniwersitetinde Türkmen dili we medeniýeti atly ders girizilip, okdylyp başlanyldy. 2017-nji ýylyň 20-22-nji noýabry aralygynda türkmen uniwersitetine Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Hirotaka Tateişiniň ýolbaşçylygynda resmi wekiliýet geldi. Wekiliýetiň saparynyň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiň arasynda talyp alyş-çalyş boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi. Ähtnama esasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 6 talyby dürli döwürlerde hyzmatdaş ýapon uniwersitetinde bir okuw ýylyň dowamynda bilim aldylar. Şeýle hem 2019-2020-nji okuw ýylynda Tokionyň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň ýapon talyby Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Sosiologiýa hünäri boýunça bilim aldy. Häzirki günlerde hem Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden biri bolan Tokio daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimi günsaýyn giňäp, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri amala aşyrylýar.
Ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has hem berkitmekde alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi hökmünde 14-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Ýaponiýada Türkmenistanyň Milli güni Hormatly myhmanlar kitabyna ýadygärlik ýazgysy bilen başlanyp, dabara Türkmenistanyň milli pawilýonyna gezelenç etmekden we Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň we ösüşleriniň giňden beýanyny tapýan 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanylan wideoşekile tomaşa etmek bilen dowam etdi. Şeýle hem pawilýona gatnaşan Hormatly myhmanlar türkmen tebigatyny, ýurdumyzyň taryhy we milli tagamlary bilen içgin tanyşmaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredildi. Binanyň ikinji gatynda Arkadag şäheriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sergilenen eksponatlary ýurdumyzyň amal edýän işleriniň beýanydyr. EKSPO – 2025 Bütindünýä sergisiniň açylyş dabarasynda 160-a golaý ýurtlaryň arasynda öz Milli günümizi ilkinjileriň hatarynda geçirmek hormaty iki döwletiň has hem ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barmagyna itergi berýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti