Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylşynyň sekizinji maslahaty geçirildi

2025-04-14 | 340
Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylşynyň sekizinji maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy.

Maslahatda «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi.

Şeýle hem maslahatda, Türkmenistanyň ýubileý medallary hakynda, Administratiw önümçilik hakynda, Awtomobil ulagy hakynda, Migrasiýa hakynda Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil ‒ Adalatçynyň maglumaty diňlenildi. 

Kabul edilen kanun taslamalary Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek we kanuny esaslaryny berkitmek üçin strategiki ähmiýete eýe.

Çeşme: Türkmenistan habarlar portaly