Türkmen talyplary Wengriýada geçirilen Durnukly ösüş boýunça 3-nji halkara talyp liderleriniň duşuşygyna gatnaşdylar
2025-nji ýylyň 10-12-nji aprel aralygynda Wengriýanyň Seged şäherinde Durnukly ösüş boýunça 3-nji Halkara Talyp Liderleriniň Duşuşygy (ISLMS 2025) geçirildi. Bu abraýly halkara çäre Seged Uniwersiteti we UI GreenMetric halkara guramasy tarapyndan bilelikde guraldy. Duşuşykda jemi 27 sany döwletden 57 sany uniwersiteti wekilçilik edýän 64 sany öňdebaryjy talyp lideri durnukly ösüş bilen baglanyşykly global meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandylar.
Bu duşuşyga Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden üç sany talyp wekilçilik etdi:
-Dilnoza Mamutniýazowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, şeýle-de bu uniwersitetiň Talyp Geňeşiniň ýolbaşçysy,
-Selbi Ataýewa, şol uniwersitetiň Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyby, şeýle-de BMG-nyň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 12-njisi (SDG12) boýunça ýaş ilçisi,
-Dawut Döwletow, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Üç günläp dowam eden çärä gatnaşyjylar esasy çykyşlara, toparlaýyn maslahatlara, daşky gurşawy goramak boýunça meýdan çärelerine hem-de medeni çärelere işjeň gatnaşdylar. Duşuşygyň esasy mowzugy “Durnukly geljege barýan ýollar we kynçylyklar” boldy.
Türkmen wekilleri halkara durnukly ösüş gepleşiklerine möhüm goşant goşdular. Dilnoza we Selbi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde durmuşa geçirilýän durnukly ösüş başlangyçlary boýunça giňişleýin we täsirli çykyş etdiler. Dawut bolsa oba hojalygy ulgamyndaky alnyp barylýan işler barada çykyş edip, azyk howpsuzlygy we oba hojalyk biliminde durnukly tejribelerini paýlaşdy.
Olar klimat üýtgemeleri, suw dolandyryşy, durnukly bilim we ylmy-barlaglar ýaly möhüm ugurlar boýunça toparlaýyn pikir alyşmalara gatnaşyp, halkara auditorýasy bilen Türkmenistandan gelýän dürlüçe garaýyşlary paýlaşdylar.
Çäräniň aýratyn täsirli pursatlarynyň biri, Seged Uniwersitetiniň professory, dünýä belli alym we 2023-nji ýylda mRNA sanjymyny işläp düzmekdäki ägirt uly işleri üçin Fiziologiýa ýa-da Lukmançylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan Katalin Kariko hakyndaky sergä baryp görmek boldy. “Katalin Karikonyň Nobel baýragyna barýan ýoly we ondan soňky işleri” atly bu sergi gatnaşyjylara ylmyň dünýäni üýtgedip bilýändigi baradaky ylham beriji mysal hökmünde görkezildi.
Duşuşygyň ahyrynda Durnukly ösüş meseleleri boýunça halkara ýaşlar jarnamasynyň gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminama dünýäniň dürli künjeklerinden gelen ýaş liderleriň durnukly geljegi gurmaga bolan bilelikdäki tagallalaryny görkezýär.
Türkmenistanyň talyp wekilleriniň bu çärä gatnaşmagy ýurduň halkara durnukly ösüş hereketlerine işjeň gatnaşýandygynyň we ýaş nesliň ýaşyl we jogapkärli geljegi gurmakdaky ornunyň ýokarlanýandygynyň aýdyň mysaly boldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň döwrabap bilim almagy, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga, ýurt we halkara derejesindäki geçirilýän çärelere gatnaşmaga döredip berýän nusgalyk işleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Şeýle hem okaň: orient.tm