“Oguz hanyň zehinli nesilleri” III integrirlenen olimpiadasynyň II welaýat tapgyry geçirildi
2025-nji ýylyň 8-nji aprelindeTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” ady bilen geçirilýän III integrirlenen olimpiadasynyň II welaýat tapgyry geçirildi. Olimpiadanyň II tapgyry welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher derejesinde bolup, ol I tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda welaýat merkezlerinde we paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi. II tapgyryň soraglary matematika, fizika, himiýa, biologiýa dersleri boýunça bolup, olar guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanyldy. Guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylýan hasabata görä tutuş ýurt boýunça bu olimpiadanyň II tapgyryna jemi 1113 okuwçy gatnaşdy. Bu bolsa mekdep ýaşlarynyň ýurt derejesinde geçirilýän integrirlenen olimpiada gyzyklanmasynyň garaşylandan has-da köp bolandygyny görkezýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem I tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylaryň arasynda iňlis dili, tebigy we takyk ugurly dersler boýunça döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylaryň sanynyň ýokary bolmagy, “Oguz hanyň zehinli nesilleri” olimpiadasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Uniwersitetiň öz internet sahypasy bolan https://etut.edu.tm salgysynda olimpiada baradaky maglumatlar, ony geçirmegiň düzgünnamasy hem-de I tapgyrda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarynyň Sanawy ýerleşdirildi. Ýurdumyzyň taryhynda köpçülikleýin görnüşde indi III gezek geçirilýän şeýle häsiýetdäki olimpiada dalaşgärleriň sanynyň örän ýokary bolmagy onuň jemleýji tapgyrynyň gyzgalaňly we çekeleşikli boljakdygyny, zehinlileriň arasyndan has ökdelerini ýüze çykarmaga mümkinçiligiň dörejekdigini görkezýär.