Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde saparda boldy

2025-04-08 | 386
Türkiýäniň  Daşary  ýurtlardaky  türkler  we  garyndaş  jemgyýetler  edarasynyň  başlygy  Abdullah  Ereniň  ýolbaşçylygyndaky  wekiliýet Türkmenistanyň Oguz  han adyndaky  Inžener-tehnologiýalar  uniwersitetinde saparda boldy

Berkarardöwletiň täze eýýamynyňGalkynyşy döwründe türkmen halkynyň MilliLideri Gahryman  Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly GahrymanSerdarymyzyň ýolbaşçylygynda dünýädöwletleri bilen, şol sanda doganlyk türk halky bilen gatnaşyklar ähli ugurlarboýunça ýokary derejede ösdürilýär. Uniwersitetimizda saparda bolan wekiliýetiň agzalary uniwersitetimiziň “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezine aýlanyp gördüler. Olar uniwersitetimizde alnypbarylýan ylmy-barlag işleri bilengiňişleýin tanşyp, alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler. Bulardan başga-da,myhamanlar uniwersitetimizde gurnalan innowasion tehnologivalaryň sergisini synlap, mugallymlaryň we talyplaryňalyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Uniwersitetimiziň mugallymlary we talyplary Türkiýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ençeme gezek saparda boldular. Wekiliýetiň agzalary geljekde uniwersitetimiz bilengatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek, talypýaşlary doganlyk ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim almak, okatmak babatda teklipleriberdiler.  Saparyň esasymaksady ýurdumyzyň ýaşlarynyň ençemesine Türkiýäniň Inžener-tehnologiýalar ugurly ýokary  okuw mekdeplerinde okatmak üçin wekilýet tarapyndan talyp haklary bilen üpjün etmegi ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat. Şuýylyň iýun aýynda Türkiýäniň Daşaryýurtlardaky türkler we garyndaşjemgyýetler edarasynyň başlygyAbdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet uniwersitetimizde talyp ýaşlar bilen söhbetdeşlik geçirmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa geljekde türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan-da beýläk-de ösdürmäge mümkinçilik berer.