Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-04-03 | 295
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 2-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Bütündünýä saglyk güni mynasybetli “Sagdyn jemgyýet – bagtyýar döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we Sport baradaky Baş müdirligiň wekilleri, halkara we döwlet derejelerinde sportda ýeňiş gazanan türgenler, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamymda hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň howandarlygynda sport ulgamy boýunça döredilýän mümkinçilikler barada, sport türgenleriniň gazanan üstünlikleri barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde sporta bagyşlanan birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty