Dabaraly sport çäresi geçirildi
2025-nji ýylyň aprel aýynyň 1-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyp ýaşlaryň arasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen “Sagdynlyk bagtyýarlygyň gözbaşy” atly dabaraly sport çäresi geçirildi. Dabaraly çärede sportuň milli göreş, dzýudo, sambo, küşt, şaşka, stoluň üstünde oýnalýan tennis, düzzüm, ýaglyga towusmak, woleýbol we futbol görnüşleri boýunça görkezme çykyşlar ýerine ýetirildi. Şeýle hem, talyp ýaşlar köpçülikleýin sport maşklaryny ýerine ýetirip, welosipedli ýöriş etdiler. Institutyň talyp ýaşlarynyň sportda gazanan ýeňişlerini mahabatlandyrýan sport sergisi sport dabarasynda aýratyn ähmiýete eýe boldy. Dabaranyň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde sporta bagyşlanan birnäçe aýdymdyr, tanslara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty