Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
2025-nji ýylyň mart aýynyň 29-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we rowaçlygyň kepili» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen bagly we Türkmenistanyň häzirki zaman dünýä bileleşiginde öz mynasyp ornuny üpjün etmek, durmuş-ykdysady ulgamda gazanylýan üstünlikleri berkitmek babatda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.