"The voice of Oguzhan"
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener - tehnologiyalar uniwersitetinde 2024-2025-nji okuw ýylynda uniwersitetde özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik gurama bolan "Talyplar Geňeşi" döredildi. Geňeş öz hataryna ýokary düşünjeli, öňdebaryjy, zähmetsöýer, jemgyýetçilik işjeňligini görkezýän ýaşlary birleşdirýär. Uniwersitetiň Talyplar Geňeşiniň gurnamagynda ýurdumyzda, şeýle hem, uniwersitetde ilkinji gezek geçirilýän "The voice of Oguzhan" atly aýdym-saz bäsleşigi geçirildi. Bu aýdym-saz bäsleşigi Türkmenistanyň halk artistleri Suhan Orazberdiýewiň, Döwlet Halmammedowyň we at gazanan artisti Akmyrat Nurberdiyewiň gatnaşmagynda hem-de eminlik etmeginde guramaçylykly we üstünliklere beslenip geçirildi. Talyplaryň ýerine ýetiren aýdymlary yatdan çykmajak pursatlary döredip uly şowhuna eýe boldy. Bäsleşikde gowy çykyş edip, tapawutlanan talyplara uniwersitet tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Olar Baş baýraga, 1nji, 2nji, 3nji orunlara mynasyp boldular. Şular ýaly aýdym - saz festiwallarynyň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi talyp-ýaşlaryň medeniýete we sungata bolan höwesini artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Baş Baýrak - Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Baýramow Perhat
Birinji yer - Innowasiyalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Gaýypowa Şemşat
Ikinji yer - Kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň Dil öwreniş bölüminiň talyby Selin Kristiana Jelasun
Üçünji yer - Kiberfiziki ulgamlar fakultetiniň 1-nji yyl talyby Nurow Resul.