“Nowruz geldi äleme” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi

2025-03-20 | 58
“Nowruz geldi äleme” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi

Nowruz baýramy Gündogar ýurtlarynyň hasaby boýunça täze ýyl çalşygy, täze ýyl çalşygynyň ilkinji güni, täze gün ýazyň gelmegi bilen bellenýän ajaýyp baýram. Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde bolsa 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG tarapyndan 21-nji mart Halkara Nowruz güni diýip yglan edildi.

 Halkara Nowruz baýramy doganlyk Özbegistan, Täjigistan, Eýran, Türkiýe, Azerbaýjan, Päkistan, Kawkaz ýurtlary, Tatarystan, Owganystan, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlarda bellenilip geçilýär. Bu baýram halklaryň arasynda parahatçylygy, ynsanperwerlik, dost-doganlyk gatnaşygyny berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýram hökmünde giňden bellenilýär.

        Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli türkmen ýaýlasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Nowruz geldi äleme” atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu baýramçylyk çäresinde uniwersitetiň mugallymlary we talyp ýaşlary çykyş etdiler. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Oguzlar” döredijilik toparynyň aýdymçylary, tans topary folklor çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.