Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji Zenanlar guramalarynyň bilelikde gurnamaklarynda professor mugallymlaryň gatnaşmagynda talyp gelin-gyzlaryň arasynda mart aýynyň 27-ne Gender deňligine bagyşlanyp “Türkmen jemgyýetinde Watan buýsanjy bolan zenanlar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Gender deňligi aýallara we erkeklere ähli ugurlarda deň mümkinçilikleriň berilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzda eneligi goldamak, zenanlaryň döwletimizdäki we jemgyýetimizdäki derejesini ýokarlandyrmaga, milli kanunçylyga we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda gender deňligini üpjün etmäge aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda giň gerimli işler alyp barylýanlygy, bu bolsa zenanlara goýulýan hormatyň, sarpanyň subutnamasydyr.
Bu günki gün türkmen zenanlary dünýä tanaýar, türkmen zenanlaryň el hünärini, abraýyny, mertebesini halkara derejede ýokarlandyrýan, milli gymmatlyklarmyzy dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, Mertebeli başlarynyň hemişe aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!