Dabaraly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň mart aýynyň 27-sine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmunyny talyp ýaşlara düşündirmek maksady bilen «Milli gymmatlyklarymyza buýsanç» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler şeýle ajaýyp eseri sowgat edendigi üçin Hormatly Prezidentimize tüs ýürekden hoşallyk bildirip, alkyş sözlerini aýtdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler täze kitapda türkmen halkynyň durmuşynda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän ornuny giňişleýin beýan etdiler we bu kitap «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygara beslenip geçen 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan güniniň 300 ýyllyk şanly senesi bilen bagly geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýändigi barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty