Brifing duşuşygy geçirildi

2025-03-26 | 300
Brifing duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň mart aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk jemgyýetiň kämilligini görkezýän gymmatlyklardyr» atly aýdym-sazly brifing duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň, Mary welaýatynyň saglygy goraýyş müdirliginiň, Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri hem-de institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň 4 ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty