“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly geçirilen halkara maslahatyň netijelerine bagyşlanan brifing

2025-03-24 | 331
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly geçirilen halkara maslahatyň netijelerine bagyşlanan brifing

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Aşgabatda geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly geçirilen halkara maslahatyň netijelerine bagyşlanyp brifing geçirildi. Brifinge halkara gatnaşyklary, jemgyýeti öwreniş ylymlary we žurnalistika kafedrasynyň mugallymlary A.Çaryýew, G.Pirmuhamedowa, S.Çaryýewa çykyş etdiler. Şeýle hem geçirilen brifinge halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, ykdysadyýet, sosiologiýa we žurnalistika hünärlerinde bilim alýan talyplar ýaşlar gatnaşdylar.

Brifingde çykyş eden mugallymlar geçirilen halkara maslahatyň Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, energiýa, ulag we infrastruktura taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmek we degişli ugurlara maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatynda nygtap geçdiler. Elbetde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu halkara maslahata gatnaşmagy bu çärä uly dabara we ähmiýet berdi diýip çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Brifingiň dowamynda halkara maslahatyň “2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirililýändigi hem-de durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Brifingiň ahyrynda çärä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza halkara giňişliginde Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň hemişe rowaçly menzilleri rowan bolmagyny arzuw etdiler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti