“Türkmenistanyň Nebitgaz pudagynda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk esasynda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak” atly maslahat geçirildi

2025-03-21 | 426
“Türkmenistanyň Nebitgaz pudagynda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk esasynda innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak” atly maslahat geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatda eden taryhy çykyşyndan örän wajyp meselelerden gelip çykýan wezipeler 2025-nji ýylyň 20-nji martynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýurdumyzyň nebit gaz pudagynyň mysalynda ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ideýasyny gönüden göni ykdysady ösüş bilen baglanyşdyrýandygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ykdysady hyzmatdaşlyga esasy üns bermelidiginiň gelip çykýandygy bellenildi.

Häzirki döwürde dünýäniň dürli böleklerinde sebit we sebitara gatnaşyklar pugtalandyrylýar, täze ykdysady birleşikler döredilýär. Türkmenistan adalatly geoykdysady ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Energiýa çeşmelerini netijeli ulanmak bilen baglanyşykly iri halkara taslamalary amala aşyrmaklyk öňe sürülýär. Muňa mysal edip, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan - Hindistan halkara gaz geçirijisini görkezmek bolar. Taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan taraplaryň halkara maliýe institutlary, maýa goýum gaznalary, bank edaralary we degişli guramalar bilen hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Maslahatda Türkmenistanyň öňden gelýän we ygtybarly maliýe hyzmatdaşlary bolanBütindünýä bankynyň, Aziýanyň ösüş bankynyň, Yslam ösüş bankynyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň we beýleki dostlukly ýurtlaryň gaznalarynyň Merkezi we Günorta Aziýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen işini dowam etjekdiklerine uly ynam bildirilýändigi bellenip geçildi.

Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň ähmiýetiniň aýratynlygyny bellemek zerurdyr. Bu taslamanyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklyga, özara hyzmatdaşlygy we pikir alyşmaklyga bolan täze mümkinçiliklere esaslanýar. Dünýäde we sebitde energiýa howpsuzlygynyň öňüni almak ugrundaky alnyp barylýan, dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan we öňe sürülýän wajyp teklipleriň öňe sürülmegi we Bitarap Türkmenistanyň bu ugurdaky alyp barýan syýasatynyň oňyn netijeleri bu möhüm maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda örän many mazmunly öz beýanyny tapdy.

Şu nukdaýnazardan ýurdumyzyň Aziýa kontinentindäki umumy maksady, diňe bir anyk taslamalary amala aşyrmak bilen çäklenmän, eýsem durnukly parahatçylyk we howpsuzlyk binýadyny döretmek, giň hyzmatdaşlyk üçin ynanyşmak hem-de syýasy we ykdysady taýdan amatly ýagdaýy emele getirmekdir. Gahryman Arkadagymyzyň bar bolan mümkinçilikleri peýdalanyp, dünýä derejeli energetika, ulag we kommunikasiýa hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan merkezleriň birini döretmekligi öňe sürendigi nygtalyp geçildi.

Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy ykdyasdy taýdan ösdürmek, sebitde we dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti