Ylmy-amaly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň mart aýynyň 20-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Senagatda we energetikada sebitara hyzmatdaşlygyň esasynda innowasion tehnologiýalaryň orny» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda 2025-nji ýylyň mart aýynyň 19-yna Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy barada, energetika pudagynda döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy barada, senagaty ösdürmekde tehnologiýalaryň ähmiýeti barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty