Dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Milli bahar baýramy mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde, ylymly, bilimli, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde çekýän döredijilikli zähmetleri, bilim işini pedagogiki ylmyň we terbiýäniň häzirki zaman maglumatlary hem-de nazaryýeti esasynda ýokary derejede guramakda, bilimiň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda, hilini ýokarlandyrmakda bitiren aýratyn ussatlyklary bilen tapawutlanyp işleýän bilim işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Dabaraly çärä ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary, göreldeli bilim işgärleriniň onlarçasy, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraly çäräniň dowamynda öňdebaryjy bilim işgärleriniň birnäçesine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabarada çykyş eden bilim işgärleri ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýetilýän sepgirtler barada buýsançlaryny beýan edip, döwletimizde bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmekde, bu ulgamda ýetilýän sepgitleri dünýä ýaýmakda, watançy, giň dünýägarýyşly, bäsleşmäge ukyply, kämil bilimli nesli kemala getirmekde, döredijilikli zähmet çekmekde döredýän uly mümkinçilikleri we çäksiz aladalary üçin Hormatly Prezidentimize, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplar döredijilik toparynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary hem dabara aýratyn öwüşgin berdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Umumy orta bilim bölümi