«Nowruz geldi ilime» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» we Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz geldi ilime» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Baýramçylyk dabarasy Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly, müňýyllyklardan häzirki günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň amaly-haşam işleriniň sergisi bilen utgaşdy.
Dabara gatnaşan professor-mugallymlar we talyplar Milli bahar baýramynyň, ýagny Halkara Nowruz gününiň taryhylygy, onuň gadymy baýramy bolmak bilen, ynsanperwerlik, birek-birege hormat goýmak, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine esaslanmak bilen, medeni mirasymyzyň we köpasyrlyk däplerimiziň bitewüligini özünde jemlemek bilen, Nowruz baýramynyň halallyga, päklige, dogruçyllyga aýratyn orun berýän halkymyz üçin ähmiýetiniň örän uludygyny gürrüň berdiler.
Bu baýramçylyk ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet derejesinde giňden bellenilip, onuň taryhyny, gymmatlylygyny, adamlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetiniň has-da artandygyny buýsanç we guwanç duýgulary bilen beýan edildi.
Baýramçylyk dabarasynda uniwersitetiniň «Gara altyn» çeper höwesjeňler topary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.