Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-03-18 | 331
Ylmy-amaly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň mart aýynyň 18-ine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Hakyda göwheri – şöhratly taryhyň we milli mirasyň sarpasy» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, aspirantlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda kitabyň “Taryh şu ýerden başlanýar”, “Änew medeniýeti”, “Bürünç zamananyň medeni ojaklary”, “Beýik Seljuklar döwleti”, “Horezmşalar döwleti”, “Zehin aýdyňlygy, paýhas käni”, “Oguznama – dünýä baýlygy”, “Täsin söhbediň beýany”, “Hazyna eýesine hazynadar diýerler”, “Döwletliniň döwlet gözbaşy”, “Gadymy heňňamyň aýdymy” atly bölümleri barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryň baý taryhy babatda durmuşa geçirilen ylmy, filosofik, çeper mazmunly işleriň geljekki nesillerimiz üçin gymmatly hazanadygyny bellediler. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty