Türkmenistan bilen Malaýziýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny giňeldýär
2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi, ýokary bilim we hünär taýýarlygy, şeýle-de ýaşlaryň bilim mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan bilim syýasatynyň çäklerinde ýurduň bilim ulgamy halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Duşuşykda iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, bilim we tejribe alyşmalar bilen baglanyşykly hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegi barada gürrüň edildi.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilim babatda hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly hökmünde “Petronas” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işjeňligi bellenildi. Bu kompaniýanyň Tehnologik uniwersitetinde türkmenistanly ýaşlaryň ýokary hilli bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn nygtaldy.
Duşuşykda iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny işläp taýýarlamak, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipler öňe sürüldi. Şeýle hem Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanda geçirilýän halkara olimpiadalara we bäsleşiklere işjeň gatnaşmagy babatda pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Bilim ministri jenap Ilçä Türkmenistanda geçiriljek Mekdep okuwçylarynyň II Halkara matematika olimpiadasyna malaýziýaly okuwçylaryň gatnaşmagy üçin çakylyk hatyň iberilendigini belläp, bu çäräniň iki ýurduň bilim gatnaşyklarynyň has-da berkemegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň bilimulgamynda hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, geçen ýylyň ahyrynda gol çekilen resminamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça iş meýilnamalaryň taýýarlanandygy beýan edildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi Malaýziýanyň hökümeti tarapyndan türkmen talyplary üçin talyp haklarynyň (scholarship) hödürlenmegi mümkinçiligini öwrenmegi haýyş edip, bu başlangyç bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyra çykjakdygyna ynam bildirdi.
Öz nobatynda, Malaýziýanyň Ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin wagt tapyp kabul edendigi üçin Ministre hoşallygyny bildirdi. Ilçi sözüni dowam edip, hödürlenen teklipler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda bilim ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Mundan başga-da, Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda orta hünär okuw mekdepleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky teklibini beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem işjeň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtap, täze taslamalaryň we bilim ugurly başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda bilelikde tagalla etjekdiklerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi
Şeýle hem okaň: orient.tm
Şeýle hem okaň: Turkmenportal