“Oguz hanyň zehinli nesilleri” III integrirlenen olimpiadasynyň I etrap tapgyryna badalga berildi

2025-03-10 | 4559
“Oguz hanyň zehinli nesilleri” III integrirlenen olimpiadasynyň I etrap tapgyryna badalga berildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” ady bilen geçirilýän III integrirlenen olimpiadasynyň I etrap tapgyryna badalga berildi. Guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylýan hasabata görä tutuş ýurt boýunça bu olimpiadanyň I tapgyryna gatnaşmaga isleg bildirip, hasaba alnan mekdep okuwçylarynyň sany 25 müňe golaýlady. Bu bolsa mekdep ýaşlarynyň döwlet derejesinde geçirilýän integrirlenen olimpiada gyzyklanmasynyň garaşylandan has-da köp bolandygyny görkezýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hasaba alnan okuwçylaryň arasynda iňlis dili, tebigy we takyk ugurly dersler boýunça döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylaryň sanynyň ýokary bolmagy, “Oguz hanyň zehinli nesilleri” olimpiadasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Häzirki wagtda bu olimpiadany guramaçylykly geçirmek we adalatly baha bermek boýunça döredilen topar tarapyndan taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Uniwersitetiň öz internet sahypasy bolan https://etut.edu.tm salgysynda olimpiada baradaky maglumatlar, ony geçirmegiň düzgünnamasy ýerleşdirildi. Ýurdumyzyň taryhynda köpçülikleýin görnüşde indi III gezek geçirilýän şeýle häsiýetdäki olimpiada dalaşgärleriň sanynyň örän ýokary bolmagy onuň gyzgalaňly we çekeleşikli boljakdygyny, zehinlileriň arasyndan has ökdelerini ýüze çykarmaga mümkinçiligiň dörejekdigini görkezýär.