Magtymguly adyndaky TDU-da HHR-niň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

2025-03-12 | 471
Magtymguly adyndaky TDU-da HHR-niň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi

9-12-nji martda Hytaýyň Kommunistik Partiýasynyň Şensi prowinsiýa komitetiniň   sekretarynyň orunbasary hanym Sin Şanpiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana iş sapary meýilleşdirildi.

Bu iş saparynyň çäklerinde wekiliýetiň düzüminde bolan Hytaý Halk Respublikasynyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý bilen Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory O.Öwezsähedow we Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň rektory Sun Sinweý wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleriniň hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyk etmek ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyk sözleri aýtdylar.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

Şeýle hem okaň:

orient.tm

Turkmenportal